Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenskiý gazyň bahasyny aşaklatmak üçin HWF bilen gepleşikleri geçirmäge çagyrýar


Ukrainanyň prezidenti wezipesine saýlanan Wolodymyr Zelenskiý

Ukrainanyň prezidenti wezipesine saýlanan Wolodymyr Zelenskiý 1-nji maýdan başlap ilatyň sarp edýän tebigy gazynyň bahasyny aşaklatmak üçin ýurduň hökümetini we döwlet eýeçiligindäki “Naftogaz Ukrainy” kompaniýasyny Halkara walýuta fondy (HWF) bilen gepleşikleri geçirmäge çagyrdy.

Ukraina ençeme milliard amerikan dollary möçberindäki kredit programmasy bilen kömek edýän Halkara walýuta fondy Ukrainanyň tebigy gaz bahalaryny özüniň bazar derejesine görä kesgitleýändigini görmek isleýändigini mälim edipdi.

21-nji aprelde tutanýerli ýeňiş gazanan, ýöne heniz öz wezipesine girişmedik Zelenskiý 24-nji aprelde beýanat ýaýradyp, bahalaryň aşakladylmagyny isleýändigini aýtdy.

“Geliň, biz diňe dilde däl, eýse iş ýüzünde-de halkyň bähbidine karar kabul edip bolýandygyny görkezeliň” diýlip, Zelenskiýniň toparynyň Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda çap edilen beýanatda bellenilýär.

“Soňky dört aýyň dowamynda Ýewropada tebigy gaz bahalary aşaklaýar we häzirki wagt ukrain halky üçin tebigy gazyň bahasy Ýewropa bazaryndakydan ýokary” diýlip, beýanatda aýdylýar.

Bu barada Halkara walýuta fondunyň metbugat wekilinden häzirlikçe kommentariýa alyp bolmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG