Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tigirli ýörişiň owgan gatnaşyjylary Aşgabada bardy


Aşgabat (illýustrasiýa suraty)
Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Tigirli halkara ýörişiniň gatnaşyjylary Aşgabada bardylar. Türkmenistanyň habar serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gürjüstan-Türkiýe welomarafonyň gatnaşyjylary 25-nji aprelde irden Marydan türkmen paýtagtyna barypdyr.

Owgan sportsmenlerini Türkmenistanyň sport we ýaşar syýasaty ministrliginiň işgärleri, şeýle-de Owganystanyň Türkmenistandaky diplomatik edarasynyň wekilleri garşy alypdyr.

Bu tigirli ýörişiň indiki tapgyry Balkan welaýatynyň territoriýasyndan geçer. Welomarafonyň umumy uzynlygy 4147 kilometrden ybarat.

Türkmenistanda welosiped sporty döwlet tarapyndan goldanýar. Milli derejede welosiped ýörişler geçirilýär, 3-nji iýunda welosiped güni bellenýär we paýtagtda welosipediň ýadygärligi gurulýar.

XS
SM
MD
LG