Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin we Kim ikiçäk duşuşygynda 'örän manynly' gepleşik geçirdiler


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un (ç) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) Wladiwostok, 25-nji aprel, 2019
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un (ç) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) Wladiwostok, 25-nji aprel, 2019

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen ikiçäk duşuşygynda 'örän manyly' gepleşik geçirendigini aýdýar.

25-nji aprelde Orsýetiň uzak gündogarynda Wladiwostok şäherinde geçirilen sammit Koreýa ýarymadasyny ýaragsyzlandyrmak hakynda ABŞ-nyň we Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky gepleşikleriň şowsuzlygynyň yzýanyna gabat geldi.

"Biz häzir özara bähbitli meseleler boýunça örän many-mazmunly pikir alyşdyk" diýip, Kim iki sagada golaý dowam eden ikiçäk gepleşikleriň yzýany aýtdy we "parahatçylygy sazlamak ýollarynyň maslahat edilendigini" aýtdy.

Putin Kim bilen Phenýanyň ýadro programmasy bilen bagly petikden çykmak barada "mazmunly" diskussiýa geçirendigini habar berdi.

Iki ýurduň liderleriniň ikiçäk gepleşiginden soň ýurtlaryň ýokary derejeli resmileri bilen has giň göwrümde gepleşdiler.

XS
SM
MD
LG