Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Putiniň ukrainanyň gündogarynyň ýaşaýjylaryna rus raýatlygyny bermek kararyny ýazgardy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

ABŞ-nyň döwlet departamenti Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainanyň gündogarynda orsýetçi separatistleriň gözegçiligindäki giňişlikleriň ýaşaýjylary üçin Orsýetiň raýaty bolmak düzgünini ýeňilleşdirmek hakyndaky kararyny ýazgardy.

"Orsýet örän prowokatiw hereketi bilen Ukrainanyň garaşsyzlygyna we territorial bütewüligine hüjümini güýçlendirýär" diýlip, Döwlet Departamentiniň 24-nji aprelde ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Putiniň karary 24-nji aprelde Kremliň resmi websaýtynda çap boldy we Ukraina tarapyndan gaharly jogaba, Günbatar tarapyndan tankyda eýe boldy.

Ukrainanyň daşary işler ministri muny Kiýewiň işlerine "agressiýa we goşulyşmak" diýip atlandyrdy. Günbatarly diplomat munuň "örän prowokatiw ädim bolup", uruşda ejir çeken Donbas diýlip, tanalýan regiondaky ýagdaýy ýaramazlaşdyryp biljegini belledi.

Prezident Petro Poroşenko bu karary bilen "Orsýetiň Donbasdaky parahatçylyk prosesine güýçli zarba urýandygyny" aýtdy.

XS
SM
MD
LG