Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Guşak we Ýol forumyna gatnaşjak dünýä liderleri Pekine jemlenýärler


25-27-nji aprelde geçiriljek Guşak we Ýol forumynyň resmi belgisi, Pekin, 25-nji aprel, 2019
25-27-nji aprelde geçiriljek Guşak we Ýol forumynyň resmi belgisi, Pekin, 25-nji aprel, 2019

Dünýäniň onlarça ýurdunyň liderleri 25-27-nji aprelde Hytaýda geçiriljek Guşak we Ýol forumyna gatnaşmak üçin Pekine baryp başladylar.

Hytaýyň 1 trillion dollarlyk inisiatiwasy Hytaýy Ýewropa, Afrika we Aziýanyň beýleki bölekleri bilen birleşdirmek üçin täze demir we gara ýollar, port we energiýa infrastrukturasyny döretmegi göz öňünde tutýar.

Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşiginiň ençeme ýurdy Hytaýyň proýektini we onuň regional infrastrukturalara maýa ýatyrmagyny ýazgaryp, Pekiniň käbir ösýän ýurtlary olaryň üzlüşip bilmejek bergilere batyrýandygyny öňe sürdüler.

Bu ýokary derejeli duşuşyga onlarça döwletleri baştutanlary, şol sanda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Pakistanyň premýer-ministri Imran Han we Italiýanyň premýer-ministri Giuseppe Conte gatnaşýarlar. Italiýa "Uly-7" guramasyndan ilkinji bolup, Hytaýyň inisiatiwasyny goldady.

ÝB-niň agzalary Germaniýa we Fransiýa duşuşyga ministrlerini ýolladylar, ABŞ hiç bir wekilini ugratmady.

Hytaý öz inisiatiwasyny 2013-nji ýylda yglan edeli bäri proýektlere 90 milliard dollar ýatyrdy, Hytaýyň banklary daşary ýurtlaryň hökümetlerine azyndan 200 milliard dollar möçberinde karz berdiler.

XS
SM
MD
LG