Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen sammitiniň detallaryny hytaý liderleri bilen paýlaşar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Pekin, 25-nji aprel , 2019
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Pekin, 25-nji aprel , 2019

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen geçiren gepleşikleriniň jikme-jiklerini Pekinde Hytaýyň liderleri bilen paýlaşar. Şeýle-de, Putin gepleşikleriniň detallaryny ABŞ bilen paýlaşmak isleýändigini aýtdy.

Demirgazyk Koreýanyň döwlet mediasynyň 26-njy aprelde habar bermegine görä, Kim Putini "oňaýly wagtda" Phenýana sapar etmäge çagyrypdyr. Bu çakylyk "höwes bilen kabul edildi" diýip, Demirgazyk Koreýanyň Merkezi habar agentligi mälim etdi. Sapara degişli takyk wagt agzalmady.

Bu ýagdaý Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasy boýunça Waşingtonyň we Phenýanyň arasyndaky gepleşiklerde Moskwanyň roluny we täsirini atdyryp biler. ABŞ-nyň we Demirgazyk Koreýanyň liderleriniň arasynda geçirilen iki sany sammit oňaýly netije getirmändi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp geçmişde Putine we Kime buýsanýandygyny aýdyp, iki lider bilen has ýakyn gatnaşyga garaşýandygyny aýdypdy.

Putin özüniň Kim bilen 25-nji aprelde geçiren gepleşiklerinde "möhüm diskussiýa" edendigini aýdypdy. Wladiwostokda geçirilen gepleşikleriň yzýany Putin iki günlük sapar bilen Pekine ugrady we şol ýerde sammit barada Hytaýyň liderlerini habarly etjekdigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG