Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazagystanyň ýeke-täk oppozision partiýasy prezident saýlawlaryny boýkot edýär


"Umumymilli sosial demokratik partiýasynyň" gurultaýy, Almaty, 26-njy aprel, 2019

Gazagystanda oppozision hökmünde hasaba alnan ýeke-täk syýasy topar "Umumymilli sosial demokratik partiýasy" 9-njy iýuna bellenen möhletinden irki prezident saýlawlaryny boýkot etmek kararyny yglan etdi.

Partiýa 26-njy aprelde Almatyda geçiren kongresinde yglan eden bu karary arkaly hökümetçi partiýalaryň öňe süren "gurjak" kandidatlarynyň wagtlaýyn prezident we häkimiýet başyndaky "Nur Otan" partiýasynyň dalaşgäri Kasym-Žomart Tokaýewiň ýeňişini güwä geçmäge berjek ýardamyna garşylyk bildirýändigini aýtdy.

Partiýanyň beýanatynda onuň saýlawlara öz dalaşgärini hödürlemeginiň onuň hem hökümet tarapyndan ulanylýandygy hakynda pikir döredip, partiýanyň abraýyna zyýan ýetirip biler.

23-nji aprelde Gazagystanyň "Nur Otan" partiýasy Kasym-Žomart Tokaýewi prezidentlige dalaşgär hödürledi.

Şol günüň özünde "Nur Otana" loýal beýleki bäş partiýa tanalmaýan syýasatçylaryny özlerinden dalaşgär hökmünde öňe sürdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG