Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti daşary ýurtlulary berk hasaba almagy tabşyrdy 


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana barýan ähli daşary ýurtlularyň berk hasaba alynmagynyň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Resmi medianyň habar bermegine görä, Berdimuhamedow 25-nji aprelde hökümet maslahatynda ähli migrasiýa gulluklarynyň işiniň "Türkmenistana iş we tanyşdyryjy saparlar bilen gelýän daşary ýurt raýatlarynyň berk hasaba alynmagyna" gönükdirilmelidigini belläpdir.

Türkmen prezidenti dürli ýurtlardan bolan myhmanlaryň migrasion düzgünlerden geçmegi üçin halkara standartlaryna laýyk gelýän şertleri üpjün etmegi, şeýle-de, Milli bedew baýramy bilen bagly dabaralara gatnaşmak üçin ýurda barýan daşary ýurtlylary myhmansöýerlik bilen garşy almak üçin şertleri döretmegi tabşyrypdyr. Türkmenistan bedew baýramyny 27-nji aprelde belleýär.

Türkmenistan syýahatçylygy ösdürmek planlaryny yglan edýärkä, dünýäniň syýahatçylyk üçin iň ýapyk ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar.

XS
SM
MD
LG