Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, Orsýet we Hytaý Owganystanda hemme tarapy içine alýan parahatçylyk prosesine çagyrýar


ABŞ-nyň ýörite wekili Halmaý Halilzad 2019-njy ýylyň Owganystan üçin parahatçylyk ýyly bolmagyna umyt edýär.
ABŞ-nyň ýörite wekili Halmaý Halilzad 2019-njy ýylyň Owganystan üçin parahatçylyk ýyly bolmagyna umyt edýär.

ABŞ, Orsýet we Hytaý Owganystandan daşary ýurt güýçlerini çykarmak we “owgan ýolbaşçylygynda içine alyjy” parahatçylyk prosesini gazanmak barada ylalaşyga geldiler diýip, bu üç ýurduň bilelikdäki beýanatynda aýdylýar.

"Üç tarap, hemmetaraplaýyn parahatçylyk prosesiniň çäginde, Owganystandaky daşary ýurt goşunlarynyň düzgünli we jogapkärçilikli çykarylmagyna çagyrýar” diýip, bilelikdäki beýanatda aýdylýar. Bu beýanat 26-njy aprelde ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň websaýtynda çap edildi.

Şeýle-de beýanatda talyban gepleşikçileriniň “Yslam döwleti” ekstremist toparyna garşy söweşmek, “Al-Kaýda” terror guramasy bilen arasyny üzmek borçnamasyny öz üstüne alandygy aýdylýar.

“Talyban” “öz gözegçilik edýän ýerleriniň başga islendik bir ýurda wehim üçin ulanylmajagyny kepillendirýär” diýip beýanatda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG