Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenskiý Putine 'ukrainalylara rus pasportlaryny hödürläp, wagt ýitirme' diýýär


Wladimir Putin we Wolodimir Zelenskiý, ýanaşyk surat.
Wladimir Putin we Wolodimir Zelenskiý, ýanaşyk surat.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Moskwanyň ukrainalylaryň ählisine rus raýatlygyny bermegi aňsatlaşdyryp biljegini aýdanyndan soň, Ukrainanyň saýlanan prezidenti Wolodimir Zelenskiý Moskwa “Ukrain raýatlaryny rus pasportlary bilen ele salmaga synanyşyp, wagt ýitirme” diýdi.

Ukrainalylar Orsýetiň raýatlygynyň “parahatçylykly protest üçin tussag edilmek hukugy” we “azat we bäsleşikli saýlawlara hukugyň baomazlygyny” aňladýandygyna düşünýärler diýip, Zelenskiý 27-nji apreldäki feýsbuk beýanatynda ýazdy.

“Bu (rus raýatlygy) aslynda ähli hukuklary we azatlyklary unutmagy aňladýar” diýip, ol sözüni dowam etdirdi. Şeýle-de Zelenskiý “Ukraninanyň tapawudyny, hususan-da ukrainalylaryň ýurdunda söz azatlygynyň, azat medianyň we internetiň bardygyny” belledi.

Mundan başga, Zelenskiý “ukrainanylaryň azat ýurtdaky azat adamlardygyny” hem sözüne goşdy we olar bilen “haýbatlar we gorkuzmalar, harby we ykdysady basyşlar dilinde”gürleşilmeli däldigini nygtady.

Emma muňa garamazdan, Zelenskiý özüniň Orsýet bilen gürleşmäge taýýardygyny hem syzdyrdy. Ol “hakyky kadalaşmanyň Donbasyň we Krymyň basyp alyşlygynyň soňlanmagyndan soň boljakdygyny” belledi.

XS
SM
MD
LG