Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şri-Lanka hüjümlerini gurnamakda güman edilýäniň kakasy we iki dogany öldürildi


Polisiýa bomba hüjümlerinde güman edilýäniň öýüni gözden geçirýär.

Zahran Haşimiň, Şri-Lankada bolan ganly kast ediş hüjümlerini planlaşdyrmakda güman edilýän adamyň kakasy we iki dogany polisiýa reýdi mahalynda atylyp öldürildi diýip, howpsuzlyk çeşmeleri hem-de güman edilýäniň garyndaşy 28-nji aprelde aýtdy.

Berilýän maglumata görä, Zainee Haşim, Rilwan Haşim we olaryň kakasy Mohamed Haşim iki gün ozal, ýurduň gündogaryndaky bukularyna howpsuzlyk güýçleri zabt edende bolan gazaply atyşykda hatardan çykarylan 15 adamyň içinde öldürildi.

Ol üç adam sosial mediada ýaýran wideolarda dinsizlere garşy ählumumy urşa çagyrýan görnüşde görünýärdi. Zahranyň giýewisi Niýaz Şarif “Roýters” agentligine ol wideodaky erkekleriň Zahranyň kakasy we iki erkek doganydygyny aýtdy.

Şri-Lanka häkimiýetleri Pasha baýramçylygyna gabat gurnalan kast ediş hüjümlerini gurnanyň Zahrandygyna ynanýar, bu hüjümler netijesinde ada ýurdunyň ybadathanalarynda we myhmanhanalarynda 250-den gowrak adam öldürildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG