Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Belli sowet uçar dizaýneri aradan çykdy


Genrih Nowožilow. Arhiw suraty

Russiýada Ilýuşin adyndaky uçar-konstrusiýa kärhanasynyň ozalky baş dizaýneri 93 ýaşynda aradan çykdy.

Inžener Genrih Nowožilowyň 28-nji aprelde aradan çykandygy baradaky habary Ilýuşin kärhanasynyň ozaky baş direktory Alekseý Rogozin özüniň sosial torlaryndaky sahypasynda mälim etdi.

Nowožilowyň aradan çykmagy bilen baglylykda başga goşmaça maglumat berilmedi.

Nowožilow sowetler döwründe Il-18, Il-62, Il-76 we Il-96 kysymly ýolagçy uçarlaryny işläp düzmekde möhüm rol oýnapdy.

Galyberse-de, Il-96 uçarynyň döwrebaplaşdyrylan görnüşi rus prezidentiniň uçarydyr.

Nowožilow 1925-nji ýylda Moskwada doguldy. Ol Ilýuşin kärhanasynda 1949-njy ýylda işläp başlady. 1986-njy ýylda ol Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetine agza boldy. Ilýuşin sosialistik zähmetiň gahrymany diýen ada iki gezek mynasyp boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG