Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Sowet ýaraglaryny ýok etmekde möhüm roly oýnan ozalky senator aradan çykdy


Riçard Lugar

Sowuk urşy döwründen soň sowetleriň ýadro we himiki ýaraglaryny ýok etmek boýunça programmany işläp düzmekde möhüm roly oýnan ozalky respublikan senatory Riçard Lugar 28-nji aprelde 87 ýaşynda aradan çykdy.

Lugar 1977-2013-nji ýyllar aralygynda Senatda Indiana ştatyna wekilçilik edipdi. Ol onlarça ýyllap Senatyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetinde hem işläpdi.

Lugar 1991-nji ýylda demokratik senator Sam Nunn bilen bilelikde sowetleriň köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň terroristleriň ýa-da duşmançylykly çemeleşýän ýurtlaryň eline geçmeginiň öňüni almakda iş alyp barypdy.

ABŞ-nyň maliýeleşdirmegindäki programmanyň çäginde sowetleriň 7 müň 600 ýadro boýegolowkasy, 2 müň 300 raketasy, şeýle-de ýadro ýaragyny saklamak üçin niýetlenen 24 desgasy ýok edilipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG