Eýranyň ykdysadyýetiniň şu ýylyň dowamynda 6% pese gaçmagyna, şeýle-de inflýasiýasynyň derejesiniň 40%-e çenli ýetmegine garaşylýar diýip, Halkara Walýuta Fondy (HWF) maglumat berýär.
Bu aralykda, Tähran ABŞ-nyň girizen has berk sanksiýalary bilen ýüzbe-ýüz bolup dur.
Waşington geçen ýylyň noýabrynda, 2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygyndan çykanyndan soň, Eýranyň nebit eksportyna garşy gönükdirilen sanksiýalary ýaňadandan girizipdi.
21-nji aprelde Ak Tam kadadan çykma hökmünde eýran nebitini satyn alyjylara hödürlenen sanksiýa ýeňillikleriniň täzelemejekdigini mälim etdi. Waşington Eýranyň nebit eksportyny nola çenli düşürmegi maksat edinýär.
Halkara Walýuta Fondunyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa boýunça direktory 29-njy aprelde çykyş edip, ýagdaýlaryň has hem ýaramazlaşmagynyň mümkindigini duýdurdy.
Şu aýyň başynda, ABŞ-ly bir resmi Birleşen Ştatlaryň sanksiýalary netijesinde Tähranyň 10 milliard dollar möçberinde nebit girdejilerinden mahrum bolandygyny aýtdy.