Ukraina, şeýle-de Merkezi we Gündogar Ýewropanyň ençeme ýurtlary, aglaba ýagdaýda Russiýadan abanyp biljek howplara jogap hökmünde, özleriniň goranmak pudagyna goýberýän harajatlaryny göz-görtele artdyrdylar diýip, degişlilikdäki öňdebaryjy ylmy-barlag instituty maglumat berýär.
Stokgolmyň Halkara Parahatçylyk Ylmy-Barlag Institutynyň, ýagny SIPRI-niň 29-njy aprelde ýaýradan maglumatyna görä, geçen ýyl Ukrainanyň harby pudagyna goýberýän serişdeleri 21% artyp, ol 4.8 milliard dollara deň bolupdyr.
Meňzeş özgerişleri Bolgariýada, Rumyniýada, Latwiaýada we Litwada hem synlasa bolýar. Bu ýurtlarda goranmak pudagyna goýberilýän serişdeler 18-24% aralygynda artdy. Polşanyň bu ugurdaky harajatlary 8.9% artyp, ol 11.6 milliard dollara deň boldy.
Şol bir wagtda, Russiýanyň harby çykdajylary 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende geçen ýyl 3.5% peseldi. Emma, muňa garamazdan Russiýa öz harby pudagyna goýberýän 61.4 milliard dollary bilen, dünýä boýunça altynjy orunda ýerleşdirildi.