Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanda “Loýa Jirganyň” mejlisi başlandy


Ýygnaga ýurduň çar künjeginden 3 müň 200-den gowrak adam çagyryldy. Arhiw suraty.

Owgan prezidenti Aşraf Gani “Loýa Jirganyň” mejlisini, ýagny ýaşulularyň, dindar alymlaryň we tanymal owganlaryň däp bolan ýygnagyny açdy.

Bu ýygnaga ýurduň çar künjeginden 3 müň 200-den gowrak adam çagyryldy we olar ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky parahatçylyk tagallalaryny ara alyp maslahatlaşmagy niýet edinýärler.

Ýokary derejeli resmileriň birnäçesi, şol sanda baş ýerine ýetiriji Abdulla Abdulla Kabuldaky geçýän dört günlük ýygnanyşyga gatnaşmakdan ýüz öwürdi.

Prezident Gani parahatçylyk boýunça “umumy bir pozisiýasyny” kesgitlemegi isleýändigini aýtdy. Ol ýygnaga gatnaşyjylary “parahatçylygyň ilçileri” diýip, atlandyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG