Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenesuelada oppozisiýa lideri Madurony çetleşdirmegiň “soňky tapgyryna” girişilendigini aýtdy


Wenesuelanyň oppozisiýa lideri Juan Guaido (sagda). 30-njy aprel, 2019 ý.

Wenesuelanyň oppozisiýa lideri Juan Guaido prezident Nikolas Madurony çetleşdirmek ugrundaky planynyň “soňky tapgyryna” girişilendigini mälim etdi. Ol “mert esgerleriň” oňa goldaw berýändigini hem aýtdy.

Maduronyň hökümetiniň agzalary Guadionyň hereketlerini ýazgaryp, muny agdarylyşyk synanyşygy diýip atlandyrdylar.

Reuters agentliginiň berýän maglumatyna görä, Karakasdaky uçar bazasynyň daşynda ýygnanan Guaido we harby lybasdaky onlarça adama garşy göz ýaşardyjy gazy atylypdyr.

Maglumat ministri Jorge Rodrigueziň özüniň Twitter hasabynda ýerleşdiren maglumatynda görä, hökümet harby “dönükleriň” kiçi “agdarylyşyk synanyşygyna” garşylyk görkezýär.

Guaidonyň prezidentligini ABŞ we beýleki döwletler hem goldaýarlar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG