Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban": ABŞ bilen parahatçylyk gepleşikleriniň täze tapgyry Katarda açylar


Loýa Jirganyň delegatlary. Kabul, 29-njy aprel, 2019.
Loýa Jirganyň delegatlary. Kabul, 29-njy aprel, 2019.

ABŞ-nyň we “Talybanyň” wekilleri Owganystandaky 17 ýyllyk urşy soňlamaga gönükdirilen gepleşikleri dowam etdirmek üçin Katarda duşuşmaly diýip, jeňçi topar aýdýar.

Sözçi Zabihullah Mujahid Birleşen Ştatlar bilen “Talybanyň” arasynda 2018-nji ýylyň oktýabryndan bäri geçirilýän göni gepleşikleriň altynjy tapgyrynyň 1-nji maýda Dohada başlanjagyny aýtdy.

Waşington Zalmaý Khalilzadyň, ABŞ-nyň “Talyban” bilen parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmagy ýola goýmak tagallalarynyň başynda duran wekiliniň şu aý talyplaryň gepleşikçileri bilen duşuşmak üçin Katara sapar etjekdigini aýtdy.

Bu topar şu wagta çenli, Günbataryň gurjagy atlandyryp, owgan hökümeti bilen gepleşmekden ýüz öwrüp geldi. Şeýle-de talyplar Kabul bilen gepleşiklere başlamazyndan öň daşary ýurt güýçleriniň bu ýurtdan çykarylmagyny talap etdi.

Owganystanda doglan Khalilzad 28-nji aprelde, Owganystana sapary mahalynda, ýurtda parahatçylyk bolmagyny islese, “Talyban” ýoluny üýtgetmeli we ýaraşyga razy bolmaly diýdi.

XS
SM
MD
LG