Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Britaniýa WikiLeaksiň Assanjyny suda gelmändigi üçin bir ýyla golaý tussag edýär


Julian Assanjyň goldawçysy onuň tussag edilmegine garşy protest bildirýär.

Britan sudy “WikiLeaks” guramasyny esaslandyryjy Julian Assanjy, suduň çakylygyna gelmän, girew düzgünini bozandygy üçin 50 hepde türme tussaglygyna höküm etdi.

47 ýaşyndaky awstraliýaly geçen aý Londondaky Ekwador ilçihanasynda tussag edileninden soň, Girew aktyny bozmakda günäli tapyldy.

Assanj 2012-nji ýylda ilçihanada gaçybatalga alyp, Şwesiýa iberilmekden we jynsy azar bermek we zorluk aýyplamalary boýunça suduň soraglaryna jogap bermezliküçin girew düzgünini bozdy. Onuň ret eden jynsy zorluk aýyplamalary geçen ýyl ýatyryldy.

Ol indi, hökümet syrlarynyň iň bir uly syzdyrylmalarynyň biri bilen baglylykda, ABŞ-nyň federal dildüwşük aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz dur.

Btitaniýa onuň ozalky ABŞ aňtaw analitigi Çelsi Manniň bilen 2010-njy ýylda ýaşyryn maglumatlary ele geçirmek boýunça dil düwşendigi baradaky aýyplamalara jogap edip, onuň ekstradisiýa edilmelidigi ýa däldigi baradaky karara geldi.

Ol günäli tapylsa, ABŞ-da bu aýyplama boýunça 5 ýyl türme tussaglygyna höküm ediler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG