Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hytaý Şinjiangdaky musulmanlary yzarlamak üçin “giň gerimli gözegçilik” tilsimini ulanýar


BMG Hytaýyň “terrorçylyga garşy merkezlerinde” milliona golaý şinjiangly musulmanyň saklanýandygyny aýtdy. Arhiw suraty

Hytaýyň häkimiýetleri ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Şinjiang sebitinde ýaşaýan musulmanlary yzarlamak we tussag etmek üçin “giň gerimli gözegçilik” mobil tilsimini ulanýarlar diýip, adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rights Watch (HRW) guramasy maglumat berýär.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän guramanyň aýtmagyna görä, häkimiýetler bu tilsim arkaly “Şinjiangdaky ýaşaýan adaty adamlar barada giň maglumatlary”, şol sanda olaryň gan toparyny, boýunyň uzynlygyny we syýasy garaýyşlaryny toplaýarlar.

Şinjiangda 13 million töweregi uýgur we esasan musulmanlardan ybarat beýleki etniki toparlaryň wekilleri ýaşaýarlar.

Geçen ýylyň awgustda BMG Hytaýyň “terrorçylyga garşy merkezlerinde” milliona golaý şinjiangly musulmanyň, aglaba uýgurlaryň saklanýandygyny aýdypdy. BMG başga-da millionlarça adamyň täzeden terbiýeleýiş lagerlerine mejbur edilýändigini belläpdi.

Hytaý özüne bildirilýän aýyplamalary inkär edip gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG