Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Saud Arabystany, BAE bilen gowy gatnaşyklary isleýändigini aýdýar


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif

Eýran Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri we olaryň ýaranlary bilen gowy gatnaşyklary isleýändigini aýtdy. Şeýle-de, Tähran bu ýurtlaryň Pars aýlygy boýunça goňşusy Katar bilen bar bolan dawalaryny bes etmegine çagyrdy.

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif 1-nji maýda çykyş edip, Tähranyň “Katar, Küweýt we Oman bilen ýokary derejede gowy gatnaşyklarynyň bardygyny” aýtdy.

“Biz Saud Arabystany, Bahreýn we Birleşen Arap Emirlikleri bilen-de şeýle gatnaşyklaryň boljakdygyna umyt edýäris” diýip, Zarif Dohada geçirilen Aziýa Hyzmatdaşlyk Dialogy maslahatynyň dowamynda çykyş etdi.

Şaýylaryň dolandyrýan Eýrany aglaba sünnülerden ybarat Saud Arabystany bilen regiondaky täsir ugrunda bäsdeşlik edýär.

Iki bäsdeş Ýemendäki heläkçilikli graždançylyk urşunda birek-biregine garşy taraplary hem goldaýarlar.

2016-njy ýylda Riýadh Tähran bilen gatnaşyklaryny kesipdi. Mundan öň, Saud Arabystanynyň ýokary derejeli şaýy ruhanysyny jezalandyryp öldürmegi sebäpli gazaplanan eýranlylar Saud Arabystanynyň Tährandaky diplomatiki missiýasyny otlapdylar.

2017-nji ýylda Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Bahreýn we Müsür Katara garşy diplomatiki we söwda boýkotyny yglan edipdiler. Bu ýurtlar Katary terrorizmi goldamakda aýypladylar. Doha öz gezeginde bu aýyplamalary inkär etdi.

XS
SM
MD
LG