Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BMG JeM-iň lideri Ažary halkara terroristleriň sanawyna goşdy


“Jaiş-e Mohammad” (JeM) toparynyň lideri Masud Ažar. Arhiw suraty

Birleşen Milletler Guramasy düýbi Pakistandan ýerleşýän “Jaiş-e Mohammad” (JeM) toparynyň lideri Masud Ažary halkara terroristleriň sanawyna goşdy. Bu topar fewral aýynda Kaşmir sebitinde 40 hindi esgeriniň ölümine sebäp bolan janyndan geçenleriň hüjüminiň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.

BMG-niň sanksiýalar boýunça kommiteti Ažaryň “Al-Kaýda” terror topary bilen ilteşigi üçin bu çäräniň görlendigini mälim etdi.

Bu gezek Hytaý Ažary gara sanawa girizmek boýunça tagallalary böwetlemedi. Mundan öň, ýagny martda Pekin ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Fransiýanyň Ažary gara sanawa goşmak baradaky dördünji teklibini böwetläpdi.

Sanksiýalaryň çäginde Ažaryň halkara serişdeleri doňdurylar, syýahat gadagançylygy we ýarag embargosy giriziler.

Sanksiýalar boýunça kommitetiň beren maglumatyna görä, Ažar “Jaiş-e Mohammad” toparynyň amala aşyran hüjümleriniň guramaçylygyna hem gatnaşypdyr.

“Jaiş-e Mohammad” toparynyň özi BMG-niň halkara terroristleriniň sanawyna 2001-nji ýylda girizilipdi.

Ažar 1999-njy ýylda hindi türmesinden boşadyldy. Ol Gandagarda alnyp gaçylan hindi uçarynyň bortundaky zamun alnan 155 ýolagça çalşylypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG