Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň sudy iki oppozisiýa wekilini 10 günlük tussaglyga höküm etdi


Prolisiýa protestçilere ýowuz basyş görkezdi, Sankt Peterburg, 1-nji maý, 2019
Prolisiýa protestçilere ýowuz basyş görkezdi, Sankt Peterburg, 1-nji maý, 2019

Orsýetiň administratiw sudy Sankt Peterburgda iki sany oppozisiýa wekilini 10 günlük türme tussaglygyna höküm etdi. Suduň kararynda olaryň maý baýramçylygy güni resmi rugsatsyz protest geçirendigi aýdylýar.

Suduň 2-nji maýda irden ýaýradan karary oppozisiýanyň lideri Alekseý Nawalnynyň Sankt Peterburgdaky edarasynyň koordinatory Aleksandr Şurşewe we "Açyk Orsýet" atly jemgyýetçilik fondunyň başlygy Andreý Piwowarowa degişli.

Piwowarowyň aklawçysy Anastasia Burakowa Sankt Peterburgyň sudunyň 2-nji maýda gije 1-de geçiren sud diňlenişigi bilen Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça konwensiýasyny depeleýändigini aýtdy.

"Açyk Orsýet" hereketi 1-nji maýda "Azat Sankt Peterburg üçin Azat saýlawlar" şygar astynda ýöriş geçirmek üçin şäheriň administrasiýasyndan rugsat alandygyny alandygyny aýdýar.

Şäheriň polisiýasy demonstrantlaryň prezident Wladimir Putini we Sankt Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowy tankytlaýjy şygarlary göterip ýörişe çykan badyna tussag edip başlady.

Orsýetde polisiýanyň protestçilere görkezýän basyşlaryna syn edýän OWD-Info garaşsyz topar häkimiýetleriň jemi 68 sany demonstrantly tussag edendigini habar berdi.

Demonstrantlaryň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, polisiýa protestçilere garşy ýowuz basyş görkezipdir, tussag edilen bir zenanyň elini döwüpdir. Şeýle-de, polisiýa potožurnalist Georgiý Markowy ýenjipdir.

Şäheriň häkimiýetleri polisiýanyň "ýagdaýy durnuklandyrmak" üçin "ençeme düzgün bozujyny tussag etmäge mejbur bolandygyny" aýtdy we Maý güni ýörişini "prowokatorlaryň" bozandygyny aýtdy.

Emma Sankt Peterburgyň ombudsmeni Aleksandr Şişlow polisiýanyň ýörişi dargatmak boýunça hereketlerini tankyt edip, ony "konstitusiýanyň gödek depelenmegi" diýip atlandyrdy.

Orsýetiň prezidentiniň ýanyndaky Adam hukuklary boýunça geňeşi 2-nji maýda ýaýradan beýanatynda ombudsmen Şişlowyň aýdanlary bilen ylalaşýandygyny mälim etdi.

1-nji maýda Orsýetde oppozision aktiwistler, kommunistler we zähmet bileleşikleriň agzalary bu senäni baýramçylyk ýörişleri we hökümete garşy çykyşlary bilen bellediler. Orsýetiň ençeme şäherinde polisiýa onlarça adamy tussag etdi.

XS
SM
MD
LG