Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran gämisiniň kömek signaly BMG arkaly saudlara ýetirildi


Eýranyň Şatlyk I nebit tankeri
Eýranyň Şatlyk I nebit tankeri

Saud resmileri, BMG-niň Nýu-Ýorkdaky edarasynyň üsti bilen, öz kenar ýakalarynda heläkçilige uçran eýran gämisinden kömek haýyşynyň gowşandygyny mälim etdiler.

Döwletiň eýeçiligindäki saud habar agentliginiň maglumatyna görä, “Eýranyň BMG-niň Nýu-Ýorkdaky delegasiýasynyň charge d'affairesi saudlaryň hemişelik delegasiýasyna ýüzlenip, patyşalykdan hemaýat sorapdyr”.

“Ekipaž agzalarynyň we daşky gurşawyň howpsuzlygyny kepillendirmek üçin ähli gerekli çäreler görüldi” diýip, maglumatda bellenilýär.

Aglaba sünni musulmanlaryň ýaşaýan Saud Arabystany şaýylar tarapyndan dolandyrylýan Eýran bilen regiondaky täsir ugrunda bäsdeşlik edýärler.

Iki ýurduň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklar 2016-njy ýylda kesilipdi.

Eýranyň Nebit ministrliginiň “ŞANA” habar agentliginiň beren maglumatyna görä, Şatlyk I nebit tankeri “hereketlendirijidäki näsazlyklar” sebäpli saud portynda abatlaýyş işlerini geçirmäge mejbur bolupdyr.

XS
SM
MD
LG