Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidentiniň dogany korrupsiýada aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edildi


Hossein Fereidoun

Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň dogany korrupsiýa aýyplamalary esasynda sud edileninden soň türme tussaglygyna höküm edildi.

Prezidentiň ýakyn syrdaşy diýip bilinýän Hossein Fereidoun 4-nji maýda möhleti anyklaşdyrylmadyk türme tussaglygyna höküm edildi diýip, eýran mediasy habar berýär.

"Bu adam (Hossein Fereidoun) beýleki käbir aýyplamalar boýunça türmä höküm edilen-de bolsa, käbir aýyplamalar boýunça günäli tapylmady” diýip, resmi IRNA habar gullugy sud resmisi Hamidreza Hosseininiň aýdan sözlerine salgylanyp aýtdy.

Ýarym resmi “Mehr” we ISNA habar gulluklary hem bu çykarylan we şindi şikaýat edip boljak höküm barada habar berdiler.

Rohaniniň baş geňeşçisi bolan Fereidoun 2017-nji ýylda tussag edildi we öňden gelýän korrupsiýa çaklamalaryndan soň derrew, girew astynda azatlyga goýberildi. Sud şonda onuň “köptaraply dereňewiň” obýekti bolandygyny aýtdy.

Konserwatiwler, maliýe-korrupsiýa aýyplamalarynda aýyplap, onuň sud edilmegini talap etdiler.

Rohaniniň goldawçylary Fereidouna garşy işiň berk liniýalylar tarapyndan prezidenti ysgyndan düşürmek üçin alnyp barylýan tagallalaryň bir bölegidiginini öňe sürdüler.

Fereidoun dogany bilen bir atanyň adyny götermeýär, sebäbi Eýranyň syýasy sistemasynda degişlilikde aram hasaplanylýan Rohani kän ýyl öň öz familiýasyny üýtgetdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG