Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ysraýylyň özüni goramak hukugyny doly goldaýandygyny aýdýar


Palestinalylar 5-nji maýda Gazada ýumrulan jaýy barlaýarlar.

Birleşen Ştatlar ýewreý döwletiniň “özüni goramak hukugyna” goldaw bildirmek bilen, palestinalylaryň Ysraýyla raketa hüjümini ýazgardy diýip, Döwlet departamenti 4-nji maýda aýtdy.

Jeňçiler Ysraýyla tarap 400 raketa atdylar, bu ýagdaý Gazada 200 sany nyşana howa zarbalarynyň urulmagyna we ençeme adamyň öldürilmegine getirdi. Pidalaryň arasynda göwreli aýal we onuň gyz bäbegi hem bar.

Öten agşam Gaza zolagyndan Aşkelon şäherine atylan raketadan bir ysraýylly erkek wepat boldy diýip, polisiýa we media habar berdi.

"Birleşen Ştatlar Gazadan Hamaz we yslamçy Jihad tarapyndan bütin Ysraýyldaky bigänä adamlara we olaryň jemgyýetlerine raketa atylmagynyň dowam etdirilmegini berk ýazgarýar. Biz bu zorluga jogapkär adamlaryň derhal bu agressiýany bes etmegine çagyrýarys” diýip, Döwlet departamentiniň sözçüsi Morgan Ortagusyň beýanatynda aýdylýar.

"Biz Ysraýyl bilen bile durus we onuň özüni bu elhenç hüjümlerden goramak hukugyny doly goldaýarys” diýip, beýanatda nygtalýar.

Bu waka Ysraýylyň 3-nji maýdaky howa zarbasynyň yslamçy Hamaz guramasyna degişli iki jeňçini öldürmeginiň yz ýanyndan bolýar.

Ysraýyl bu howa zarbasynyň Gazadan atylan oklaryň serhediň golaýynda ýaralan iki esgeri üçin ar alyşdygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG