Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rim papasy Fransis Bolgariýa sapar edýär


Rim papasy Fransis we Bolgariýanyň prezidenti Rumen Radew. Sofiýa.
Rim papasy Fransis we Bolgariýanyň prezidenti Rumen Radew. Sofiýa.

Rim papasy Fransis bolgariýalylary migrantlara öz ýüreklerini we öýlerini açmaga çagyrdy.

Ol Bolgariýanyň emigrasiýa sebäpli öz ilatyny ýitirýändigini aýdyp, olaryň adamlary dogduk ýurtlaryny terk etmäge mejbur edýän güýçlere gowy düşünmelidigini belledi.

Fransis bu çagyryşy 5-nji maýda, ýurduň uly bolmadyk katolik jemgyýetçiligi bilen duşuşmak we paýtagt Sofiýanyň daşyndaky bosgun lagerine baryp görmek üçin Bolgariýa gelende aýtdy. Bu maksat bilen ol Demirgazyk Makedoniýa hem sapar eder.

Fransisiň sapary Rim-Katoliki ybadathanasy bilen Prawoslaw ybadathanasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýagdaýyny görkezýän alamatlary nukdaý nazaryndan ýakyndan synlanar.

Fransis hristian dininiň Prawoslaw we Rim-Katoliki şahamçalarynyň arasyndaky dartgynlyklary gowşatmaga çalşyp, 2016-njy ýylyň fewralynda Kubada Orsýetiň Prawoslaw ybadathanasynyň başlygy, Patriarh Kril bilen hem duşuşdy.

Emma muňa garamazdan,Bolgariýanyň Prawoslaw ybadathanasynyň mukaddes Sinody Rim papasy bilen bilelikde doga-dileg etmegiň islendik mümkinçiligini ret etdi.

XS
SM
MD
LG