Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystanynyň dini häkimiýetleri Ramadanyň 6-njy maýda başlanýandygyny aýdýarlar


Gök metjidiň golaýynda ýakylan Ramadan çyrasy. Türkiýe.
Gök metjidiň golaýynda ýakylan Ramadan çyrasy. Türkiýe.

Musulmanlaryň agyz bekleýän Remezan aýy Saud Arabystanynda, yslamyň doglan ýurdunda 6-njy maýda başlanar diýip, döwlet eýeçiligindäki media dini häkimiýetlere salgylanyp habar berdi.

Saudlaryň eýeçiligindäki “Al Arabiya” telewideniýesi 4-nji maýda dini liderleriň sözlerine salgylanyp, täze Ramadan aýynyň 4-nji maýda görlendigini, şu sebäpden 5-nji maýyň yslam kalendaryndaky Şaaban aýynyň soňky güni boljakdygyny aýtdy.

Bu hili beýanatlar goňşulykdaky ýurtlar bolan Kuweýtde we Yrakda hem edildi.

Musulmanlar aý kalendaryna eýerýärler we aýdan ugur almak usuly dürli ýurtlaryň Ramadanyň başlanýan wagtyny birki gün aratapawutda yglan etmeklerine alyp gelýär.

XS
SM
MD
LG