Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Owganystandaky “Talyban” hüjüminde 5 harby öldürildi, onlarça adam ýaralandy


Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Nasrat Rahimi

“Talybanyň” ýurduň demirgazygyndaky Pule-Kumri şäheriniň polisiýa edarasyna garşy amala aşyran kast ediş hüjüminde Owganystanyň milli howpsuzlyk güýçleriniň azyndan bäş agzasy öldürildi diýip, owgan resmileri 5-nji maýda aýtdy.

Birnäçe talyp söweşijisi ol ýerdäki howpsuzlyk güýçlerini oka tutdy, ýaragly erkeleriň birnäçe bina zabt edip girdi diýip, remiler aýtdy.

Hüjüm netijesinde azyndan 41 adam, şol sanda howpsuzlyk güýçleriniň 30 agzasy ýaralandy diýip, Baglan welaýatynyň ýokary derejeli saglyk resmisi Ahmad Bariz Sahibzada aýtdy. Ol çaknyşyklaryň dowam etmegi bilen, pidalaryň sanynyň köpelmek ähtimallygyny duýdurdy.

Polisiýa hüjümçileriň üç sanysyny atyp öldürse, olaryň biri başdaky ulag bombasynda özüni partlatdy diýip, Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Nasrat Rahimi aýtdy.

“Talyban” “uly partlamanyň” we owgan güýçleri bilen çaknyşygyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Topar öz söweşijileriniň biriniň Baglan welaýatyndaky Pule-Kumride, polisiýanyň baş edarasynyň daş işiginde partlaýjy goýlan “Humvee” maşynyny ýarandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG