Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran resmisi nebitiň “çal bazarda” satyljakdygyny aýdýar


 Eýranyň nebit ministriniň orunbasary Amir Hossein Zamaninia
Eýranyň nebit ministriniň orunbasary Amir Hossein Zamaninia

Eýran, özüniň bikanun atlandyrýan, ABŞ-nyň sanksiýalaryndan sowa geçip, nebitini “çal bazarda” satjakdygyny yglan etdi. Bu barada Eýranyň nebit ministriniň orunbasary Amir Hossein Zamaninia 5-nji maýda çykyş etdi.

Bu çykyşdan birnäçe gün öň, Waşington ABŞ-nyň sanksiýalaryna düşmez ýaly kadadan çykma hökmünde ençeme döwlete edilen eglişikleriň maýdan başlap ýatyryljakdygyny yglan edipdi.

Geçen ýyl prezident Donald Tramp ABŞ-ny 2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygyndan çykaranyndan soň, Waşington Tährana garşy sanksiýalary ýaňadandan girizipdi.

Tramp bu ylalaşykda Eýranyň ballistik-raketa programmasynyň we Tähranyň terroristleri goldaýandygy baradaky çaklamalaryň düzgünleşdirilmeýändigini tankytlapdy.

Tähran ABŞ-nyň gadagançylyklaryna hem garamazdan, nebitiniň eksportyny dowam etdirjekdigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG