Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýada “Aeroflotyň” uçary ot aldy, 41 adam öldi


5-nji maýda uçar adatdan daşary gonuşy amala aşyranyndan soň, onuň fýuzelýažyndan ot ýalynlary we goýy gara tüsse çykyp başlady.

Russiýanyň ýolagçy uçary Moskwanyň Şeremetýewo aeroportyna adatdan daşary gonuşy amala aşyryp, ot alandan soň, onuň bortundaky 41 ýolagçy öldi.

Suhoý SSJ100 kysymly uçar milli “Aeroflot” kärhanasy tarapyndan dolandyrylyp, onuň bortunda 73 ýolagçy we bäş ekipaž agzasy bardy. 5-nji maýda uçar adatdan daşary gonuşy amala aşyranyndan soň, onuň fýuzelýažyndan ot ýalynlary we goýy gara tüsse çykyp başlady.

Derňew komiteti 37 adamyň aman galandygyny aýtdy.

Hadysada ýaralanan azyndan bäş adam keselhana ýerleşdirildi. Olaryň ikisiniň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.

Ölenleriň arasynda bir ekipaž agzasynyň we azyndan iki çaganyň bardygy hem bellenilýär.

“Aeroflotyň” beren maglumatyna görä, uçar Şeremetýewo aeroportyndan Russiýanyň Murmansk şäherine uçuşy amala aşyrmaly eken. Emma, uçar howa galanyndan soň, ol belli edilmedik “tehniki sebäplere” görä yzyna dolanmaly bolupdyr.

XS
SM
MD
LG