Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: sufi gonamçylygynda partlamada azyndan sekiz adam wepat boldy


Data Darbar gonamçylygynyň daşynda bomba partlamasy boldy, Lahor, 8-nji maý, 2019.

Pakistanyň günortasyndaky Lahor şäherinde meşhur sufi gonamçylygyna gözegçilik edýän howpsuzlyk güýçlerine gönükdirilen bomba partlamasynda azyndan sekiz adam wepat boldy we 25 adam ýaralandy.

Polisiýanyň ýokary derejeli resmisi Arif Nawaz Hanyň žurnalistlere aýtmagyna görä, 8-nji maýda bolan partlama öz janyndan geçen hüjümçi tarapyndan amala aşyrylyp, polisiýa ofiserlerini alyp barýan awtoulagy nyşana alypdyr.

Resminiň sözlerine görä, mukaddes Ali Hajweriniň jaýlanan ýeri Data Darbar atly gonamçylygyň daşynda bolan partlamada wepat bolanlaryň bäşisi polisiýa ofiserleri.

Polisiýa partlamanyň bolan pursadynda gonamçylygyň içinde we daşynda zyýaratçylaryň ýüzlerçesiniň bolandygyny habar berdi.

Premýer-ministr Imran Han musulmanlaryň Remezan aýynyň başyna gabat gelen bombaly hüjümi ýazgaryp çykyş etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG