Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo garaşylmadyk sapary bilen Yraga bardy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo garaşylmadyk sapary bilen Yraga bardy, Bagdad, 7-nji maý, 2019.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo garaşylmadyk sapary bilen Yraga bardy, Bagdad, 7-nji maý, 2019.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo garaşylmadyk sapary bilen Yraga bardy we Yragyň resmileri bilen gepleşik geçirip, Eýranyň hereketleriniň "güýçlenmegine" degişli howpsuzlyk aladalanmalaryny mälim etdi.

Pompeonyň 7-nji maýda eden bu sapary ABŞ-nyň Ýakyn Gündogarda uçar göteriji gämili söweş toparyny ýerleşdirjekdigi barada hepdäniň başynda yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

ABŞ munuň Amerikan güýçlerine we ýurduň raýatlaryna Eýranyň salýan howpuna jogapdygyny aýtdy.

ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň "gutulgysyz bolan hüjümler" barada "örän takyk" bolandygyny Pompeo Bagdatda aýtdy, emma detallary bermedi.

Tähran aýdylýan howplary ret edip, muny "psihologiki uruş" diýip atlandyrdy.

Tähranyň we Waşingtonyň arasyndaky dartgynlylyk prezident Donald Trampyň öz ýurdunyň Tähran bilen 2015-njy ýylda baglaşylan halkara ýadro ylalaşygyndan çykýandygy barada bir ýyl mundan öň yglan edip, sanksiýalary dikeltmeginden soň ýaramazlaşdy.

XS
SM
MD
LG