Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen kölüniň golaýynda sosial-senagat toplumynyň düýbi tutuldy


"Altyn asyr" türkmen köli (arhiw suraty)
"Altyn asyr" türkmen köli (arhiw suraty)

"Altyn asyr" türkmen kölüniň golaýynda täze görnüşli sosial-senagat toplumynyň düýbi tutuldy.

8-nji maýda Balkan welaýatynda geçirlen bu dabara gatnaşan prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, hususan-da, kölüň daşynda täze döwrebap obalaryň gurulmagynyň ilatyň durmuşy üçin amatly şertleri döretjegini aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti emeli kölüň daşynda obalary gurmagy 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda tabşyrypdy we 28-nji fewralda kölüň golaýyndaky Ak ýaýla atly ýere sapar edipdi.

Bahasy 4,5 milliard dollara barabar "Altyn Asyr" kölüniň 2009-njy ýylda başlanan gurluşygy ençeme obanyň ýaşaýjylarynyň göçürilmegine sebäp bolupdy. Olaryň ençemesi 10 ýyla golaý wagt bäri agyr ýaşaýyş şertlerde ýaşaýarlar, olaryň göçürlen ýerlerinde suw we gaz, käbir ýerlerde çagalar üçin mekdep ýok.

XS
SM
MD
LG