Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Talyban" Kabulda halkara ýardam beriji toparyň edarasyna hüjüm etdi


Kabul, 7-nji maý, 2019

"Talyban" söweşijileri Kabulyň merkezinde halkara ýardam beriji toparyň edarasyna hüjüm edip, uly patlamany amala aşyryp, owgan howpsuzlyk güýçleri bilen söweşdiler.

Saglyk resmileriniň sözlerine görä, hüjümde 15 adam ýaralanyp, golaýdaky tiz kömek hassahanasyna alnyp barylypdyr.

Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Nusrat Rahiminiň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, partlama 8-nji maýda günortan wagtyna golaý döräpdir. Bu hüjüm Remezan aýynyň başyna gabat geldi.

"Talyban" öz üstüne alan bu hüjümini baş prokuraturanyň golaýynda ýerleşýän "Counterpart International" guramasynyň edarasyna gönükdirdi.

"Talybanyň" metbugat wekili Zabihullah Mujahid ýardam beriji toparyň hüjüme sezewar bolmagyna onuň Owganystanyň içinde "Günbataryň zyýanly hereketlerine" gatnaşygy sebäp boldy diýdi, emma jikme-jik bir zat aýtmady.

Içeri işler ministrligi edaranyň 150 çemesi işgäriniň polisiýanyň ýörite güýçleri tarapyndan halas edilendigini habar berdi.

Bu partama ABŞ-nyň we "Talybanyň" wekilleriniň Owganystandaky urşuň soňuna çykmak barada Katarda gepleşiklerini dowam etdirýän wagtyna gabat geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG