Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Forum: Türkmenleriň Oraza däpleri


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

6-njy maýda beýleki käbir ýurtlaryň musulmanlary bilen bir hatarda diniň parzyny berjaý edýän dünýäniň çär künjündäki türkmenler hem Oraza aýynda agyzlaryny beklemäge girişdi.

Yslam dinine uýýan adamlaryň mukaddes hasaplaýan Oraza aýyna gadam basmagy bilen, golaýda Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň müftüsiniň oraza pitreleri barada çykaran fetwasy barada habar çap etdi.

Eýsem, dünýä türkmenleriniň Oraza aýynda amal edýän başga nähili özboluşly däp-dessurlary bar? Oraza aýynyň gelmegi bilen çagalar hemme ýurtlarda “Ýa remezan” aýdýarmy, ýa-da diňe türkmenleriň arasynda şeýlemi? Dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan agyz bekleýän türkmenler nähili tejribeleri başdan geçirýär?

“Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň üstümizdäki sanynda şular ýaly soraglaryň töwereginde söhbetdeşlikler guralar.

Oraza aýy we oňa dünýä türkmenleriniň gatnaşygy baradaky pikir-garaýyşlaryňyzy biziň bilen paýlaşyň!

XS
SM
MD
LG