Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” Kabulda ABŞ-nyň kömek toparynyň edarasyna hüjüm etdi


Hüjüm wagty sebitden 200 töweregi adam ewakuasiýa edildi.
Hüjüm wagty sebitden 200 töweregi adam ewakuasiýa edildi.

Kabulda “Talyban” jeňçileri halkara kömek toparynyň edarasyna hüjüm edip, azyndan bäş adamy öldürdiler, başga-da 24-isini ýaraladylar.

Içeri işler ministrliginiň metbugat wekiliniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, hüjüm çarşenbe güni ýerli wagt bilen 11:40-da başlanypdyr. Jeňçiler ilki bilen, ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) bilen işleşýän bähbit aramaýan Halkara Hyzmatdaş toparynyň edarasynda uly partlamany amala aşyrypdyrlar. Munuň yzy bilen, bäş hüjümçi binanyň içine kürsäp giripdir.

Ministrlik owgan howpsuzlyk güýçleri bilen ençeme sagada çeken atyşygyň netijesinde hüjümçileriň ählisiniň öldürilendigini aýtdy.

Hüjüm wagty sebitden 200 töweregi adam ewakuasiýa edildi. Öldürilenleriň arasynda parahat ilatyň arasyndan dört adam, şeýle-de bir polisiýa ofiseri bar.

XS
SM
MD
LG