Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň websaýty elýeterli däl


Mikrofon
Mikrofon

Gazagystanda 9-njy maý güni irden Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň we beýleki internet neşirleriniň ençemesiniň websaýtlary elýeterli bolmady.

Gazagystanda Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň saýtyna VPN ýa beýleki proksi ulgamlary arkaly girip bolýar.

Gazak resmileri häzirlikçe bu barada hiç hili kommentariýa bermediler. Ýurduň Maglumat ministrliginden, Milli Howpsuzlyk Kommitetinden we Kazaktelekomdan hem häzirlikçe maglumat almak başartmady.

8-nji maýda Baş prokuratura beýanat ýaýradyp, onda 9-njy maý güni rugsat berilmedik protestler üçin jogapkärçiligiň boljakdygyny duýdurypdy.

Soňky döwür, Gazagystana 1991-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk eden ozalky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň guran syýasy ulgamyna garşy ýurduň ençeme şäherinde protestler geçirilipdi.

XS
SM
MD
LG