Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garadagda agdarylyşygy geçirmek synanyşygynda 14 adama höküm çykaryldy


Garadagyň polisiýasy suduň zalynyň daşynda gözegçilik edýär. 9-njy maý

Garadagyň Ýokary sudy ýurduň NATO girmek tagallalaryny böwetlemek üçin 2016-njy ýylda agdarylyşygy geçirmek synanyşygynyň çäginde jenaýatçylykly topary döretmekde we terrorizm aýyplamalary esasynda ruslardan, serblardan we garadaglylardan ybarat 14 adama höküm çykardy.

Russiýanyň harby aňtaw gullugynyň, ýagny GRU-nyň ofiserleri bolmakda güman edilýän iki russiýaly Gadaragyň hökümetini agdarmagy guramalaşdyrmakda aýyplandy. Eduard Sismakow 15 ýyl we Wladimir Popow 12 ýyl türme tussaglygyna gaýybana ýagdaýda höküm edildi.

Garadagyň oppozisiýadaky Demokratik Fronty partiýasynyň Russiýany goldaýan iki liderine, ýagny Andrija Mandiçe we Milan Knezeviçe bäş ýyl türme tussaglygy berildi. Olaryň sürüjisi Mihaýlo Kadenoviçe 18 aý türme möhleti berildi.

Mundanam başga, serbiýanyň dokuz raýatyna höküm çykaryldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG