Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rus žurnalisti Sergeý Dorenko aradan çykdy


Sergeý Dorenko. 2018 ý.

Moskwada rus žurnalisti Sergeý Dorenko aradan çykdy.

Rus habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Dorenko paýtagtyň merkezinde motosikli sürüp barýan pursady huşundan gidipdir. Mundan ozalky habarlarda onuň ýol heläkçiligine uçandygy aýdylypdy.

59 ýaşly Dorenko 1990-njy ýyllarda we 2000-nji ýyllaryň başlarynda uly meşhurlyga eýedi.

2000-nji ýylda Dorenko özüniň tele-gepleşiginde “Kursk” suwasty ýadro gämisiniň heläkçilige uçramagy bilen baglylykda rus hökümetini ýiti tankytlanyndan soň, onuň gepleşigi ýatyrylypdy.

Mundan soň, ol hiç haçan döwlet telewideniýesinde işlemedi. Emma, soňky ýyllar ol “Goworit Moskwa” radio stansiýasynyň baş redakory wezipesinde işläpdi.

2007-nji ýylda Dorenko 1998-nji ýylyň aprelinde FSB-niň ofiseri Aleksandr Litwinenko we beýleki FSB-niň ofiserleri bilen geçiren interwýularyny çap edip, köpleriň ünsüni özüne çekipdi. Söhbetdeşlikde rus howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri özlerine belli syýasatçylary we telekeçileri öldürmek, alyp gaçmak ýa-da garalamak ýaly buýruklaryň berlendigini aýdypdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG