Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýrana duýduryş berip, gepleşiklere çagyrdy


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo)

ABŞ Eýranyň islendik hüjümine “bata-bat we ynamly” jogabyň beriljekdigini duýduryp, şol bir wagtda ýurduň liderlerini gepleşiklere çagyrdy.

Döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) 9-njy maýda beýanat bilen çykyş edip, “Eýran ýalňyşyp biziň häzirki pursada çenli görkezýän sabyrlylygymyzy meseläni çözüp bilmeýänligimiz bilen bulaşdyrmasyn” diýip, belledi.

“Tähranyň režimi özleriniň ýa-da proksileriniň üsti bilen ABŞ-nyň islendik bähbitlerine ýa-da raýatlaryna etjek hüjümleriniň ABŞ-nyň bada-bat we ynamly jogaby bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyna düşünmelidir” diýip, Pompeo nygtady.

“Biz urşy aramaýarys” diýip, ol sözüne goşdy.

Pompeonyň çykyşyndan oň, prezident Donald Tramp Eýran liderlerine ýüzlenip, “maňa jaň ediň” diýdi.

“Men Eýranyň maňa jaň etmegini isleýärin” diýip, Tramp Ak Tamda žurnalistlere gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, prezident häzirki dartgynly ýagdaýlarda harby çaknyşyk mümkinçiligini hem aradan aýyrmaýandygyny belledi.

Waşington bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklar ençeme mesele boýunça dartgynly bolmagyna galýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG