Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halilzad: “Talyban” bilen gepleşiklerde “has tiz özgeriş” gerek


ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad
ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad “Talyban” bilen gepleşikleriň nobatdaky tapgyryndan soň, parahatçylyk gepleşikleri boýunça “has tiz özgerişiň” gerekdigini aýtdy.

Halilzad Kataryň paýtagty Dohadaky gepleşikleriň soňky tapgyrynda “ynamly, ýöne haýal öňegidişligiň” gazanylandygyny aýtdy.

“Talybanyň” metbugat wekili beýanat bilen çykyş edip, gepleşikleriň “oňaýly” häsiýete eýe bolandygyny, şeýle-de olaryň dowamynda Owganystandan halkara güýçleriniň doly çykarylmagy ýaly meselelere garalandygyny mälim etdi.

Gepleşiklere Halilzad we “Talybanyň” syýasy edarasynyň başlygy Şer Mohammad Abbas Stanekzai ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşikleriň üsti bilen Owganystandaky 18 ýyl bäri dowam edýän urşa syýasy çözgüt tapmak ugrunda tagalla edilýär.

XS
SM
MD
LG