Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň harby serkerdesi Trampyň gepleşik çakylygyny ret edýär 


YRGK-nyň orunabasar başylygy Ýadollah Jawani
YRGK-nyň orunabasar başylygy Ýadollah Jawani

Eýranyň Yslamçy rewolýusiýa gwardiýasy korpusynyň baýry komandiri, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp eýran liderlerini gepleşige çagyrandan bir gün soň, Tähranyň Birleşen Ştatlar bilen gepleşmejekdigini aýtdy.

“Amerika bilen gepleşikler bolmaz” diýip, YRGK-nyň orunabasar başylygy Ýadollah Jawaniniň aýdan sözleri 10-njy maýda berk liniýaly “Tasnim” habar agentligi tarapyndan sitirlendi. Şeýle-de Jawani Waşingtonyň Eýrany garşy harby çäre görmäge milt edip bilmejegini aýtdy.

Tramp adminstrasiýasy 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çekilip, Eýrana garşy sanksiýalary dikeldeli bäri, Waşington bilen Tähranyň arasyndaky dartgynlyklar ýitileşmek bilen boldy.

Tramp 2015-nji ýylda baglaşylan we Tährany sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň deregine öz ýadro programmasyny çäklendirmäge razy eden ylalaşygyň “düýpli kemçilikleriniň” bolandygyny, sebäbi ondan Eýranyň raketa programmasynyň, Tähranyň terrorçy guramalara berýän goldawy diýilýäniň çetde galandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG