Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda owgan milletinden bolan TW diktory atylyp öldürildi


 Mena Mangal
Mena Mangal

Owgan resmileri Owganystanda meşhur telewideniýe alyp baryjysy bolan aýalyň Kabulda atylyp öldürilendigini aýdýarlar.

Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Nasrat Raimi ozalky žurnalist Mena Mangalyň 11-nji maýda Kabulyň 11-nji etrabynda, ir sagat 7:20-de atlyp öldürilendigini aýtdy.

Bu atyşyga Kabulyň Karte Naw bazarynyň golaýyndaky dükan eýeleri şaýat boldular. Olar Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna Mangalyň maşyna garaşyp duran wagty iki sany motorly adamyň peýda bolandygyny, olaryň bazardaky adamlary dargytmak üçin ilki asmana dört gezek ok atandyklaryny, soň Mangalyň döşünden degen iki oky atandyklaryny gürrüň berdiler.

Mangalyň garyndaşlary radio bilen söhbetdeşlikde onuň işe gitmek üçin maşyna garaşyp durka öldürilendigini tassyk etdiler. Ol owgan parlamentiniň aşaky palatasynda medeni geňeşçi bolup işleýärdi.

Mangal hususy eýeçilikdäki Ariana TW-de, hususy eýeçilikdäki Tolo-TW-niň puştun dilindäki Lamar telekanalynda, Şamşad TW atly hususy milli telewideniýede on ýyldan gowrak žurnalist, alyp baryjy bolup işledi.

Şeýle-de ol owgan aýallarynyň işlemek hukuklary, gyzlaryň okuw hukuklary baradaky meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýan meşhur sosial media saýtlaryna ýolbaşçylyk etdi.

XS
SM
MD
LG