Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Özbegistan Hindistanyň esasy altyn üpjünjisine öwrülýär 


Özbegistanyň Merkezi bankynyň zikgelän altyn teňňesi

Özbegistan Hindistana 2019-njy ýlyň ýanwar-mart aýlarynyň aralygynda iň kän altyn satan ýurt boldy diýip, hindi metbugaty habar berýär.

Aýdylmagyna görä, Özbegistan şu ýyl öz altyn eksportyny 80 tonna çenli ýokarlandyrmaga taýýar, bu Hindistana geçen ýyl eksport edilen altyndan 10 tonna kän gyzylyň eksport ediljegini aňladýar.

Çig mala baý merkezi aziýa respublikasy öz strategiki hyzmatdaşy Hindistanyň esasy altyn üpjünçisine öwrülýär, Özbegistan Hindistana 2019-njy ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň aralygynda 6.2 tonna altyn satdy diýip, economictimes.indiatimes.com neşiri 12-nji maýda habar berdi.

Neşiriň Dünýä altyn geňeşiniň hasabatyna salgylanyp ýazmagyna görä, gürrüňi edilýän döwürde Hindistan Mongoliýadan 3,4 tonna, Täjigistandan 1 tonna altyn satyn aldy.

Habarda aýdylmagyna görä, Orsýet altynyň esasy alyjysy bolup durýar. RF-nyň Merkezi banky ýylyň birinji çärýeginde 55.3 tonna altyn satyn alyp, ýurduň altyn ätiýaçlyklaryny 2,168.3 tonna getirdi.

Bu döwürde Türkiýäniň Merkezi banky 40.1 tonna, Hytaý 33 tonna, Gazagystan 11.2 tonna, Ekwador 10.6 tonna, Katar 9.4 tonna altyn satyn aldy.

Şeýle-de, gelýän bäş ýylda Özbegistanyň öz altyn ätiýaçlyklaryny 474 tonna ýetirmegi niýet edinýändigi, 2020-2024-nji ýyllarda altyn känleriniň gözlegi, özleşdirilmegi üçin 230 million dollar çemesinde maýa ýatyrjagy habar berilýär.

Metbugat maglumatlaryna görä, Täjigistan geçen ýyl 6.4 tonna altyn gazyp galdy, bu ýurduň taryhynda rekord dereje boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG