Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan ozalky bagly saýtlaryň petigini açýandygyny aýdýar


Komil Allamjonow
Komil Allamjonow

Özbegistanyň Maglumat we ilat bilen aragatnaşyk agentligi Merkezi Aziýanyň awtoritar ýurdunda onlarça habar we adam-hukuklary websaýtlaryna elýeterliligiň dikeldilendigini aýdýar.

Komil Allamjonow 10-njy maýda feýsbukda “belli bir tehniki meseleleriň” çözülendigini we websaýtlaryň ýerli elýeterliliginiň dikeldilendigini aýtdy.

Bu saýtlaryň käbiri 2004-nji ýyldan bäri petiklengidi.

Allamjonow täzeden elýeterli edilen saýtlaryň arasynda BBC-niň Özbek gullugynyň, Amerikanyň Sesiniň, "Deutsche Welle" radiosynyň, Eurasianet, AsiaTerra, Fergana neşirleriniň we beýleki habar saýtlarynyň bardygyny aýtdy.

Aýdylmagyna görä, adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International”, “Human Rights Watch”, “Serhetsiz reportýorlar” guramalarynyň saýtlarynyň hem petikleri aýrylypdyr.

Emma muňa garamazdan, AÝ/AR-nyň Özbek gullugynyň saýty we beýleki meşhur hususy habar gulluklarynyň birnäçesiniň saýtlary Allamjonowyň sanawyna girizilmändir.

Londonda ýaşaýan özbek aktiwisti Alişer Ilhanow feýsbukda pikirini aýdyp, bu meselede “begenmegiň gaty irdigini", sebäbi ol diýilýän saýtlaryň şindi hem petikli bolmagynda galýandygyny duýdurdy.

XS
SM
MD
LG