Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Saud Arabystany tankerlerine “sabotaž hüjüminiň” edilendigini aýdýar


Hadysa ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky regional gatnaşyklarynyň ýitileşen döwrüne gabat geldi.

Saud Arabystany Birleşen Arap Emirlikleriniň kenar ýakalarynda özüniň iki nebit tankeriniň nyşana alnandygyny aýdyp, muny “sabotaž hüjümi” diýip atlandyrdy.

Saud Arabystanynyň Energiýa ministri Khalid al-Falihiň 13-nji maýda beren maglumatyna görä, gämileriň biri saudlaryň çyg nebitini ýüklemäge barýan ekeni.

Onuň sözlerine görä, hüjümde adam ýitgisi ýüze çykmandyr, şeýle-de nebit dökülmändir. Emma, resmi gämilere uly zeperiň ýetendigini sözüne goşdy.

Mundan öň, Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrligi özüniň territorial suwlarynda dört söwda gämisine garşy “sabotaž operasiýasynyň” amala aşyrylandygyny aýdypdy. Fujairah kenar ýakalarynda bolan sabotaž barada başga jikme-jik maglumat berilmedi.

Hüjüm baradaky habarlardan soň, ABŞ Birleşen Arap Emirlikleriniň kenar ýakalarynda gämilere garşy edilendigi aýdylýan “sabotaž hereketleriniň” amala aşyrylmagyna garşy duýduryş berdi.

Bu ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky regional gatnaşyklarynyň ýitileşen döwrüne gabat geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG