Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Putin we Lawrow bilen Soçide gepleşik geçirýär


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo

Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky dartgynlyklar dowam edýän häzirki wagtda Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo 14-nji maýda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Soçide gepleşik geçirer.

Soçi gepleşikleri prezident Donald Tramp bilen Putin 2018-nji ýylyň iýul aýynda Finlýandiýada ikiçäk duşuşaly bäri Birleşen Ştatlaryň we Orsýetiň resmileriniň arasyndaky iň ýokary derejeli formal gepleşikler bolar.

Amerikanyň döwlet departamentiniň bildirmegine görä, Putin-Pompeo gepleşikleri ýaraglara kontrollygy, Wenesuela krizisini, Ukraina we Siriýada barýan konflikti, şeýle hem Eýrany öz içine alar.

Bu meseleleriň ählisinde Waşington bilen Moskwanyň arasynda gös-göni oňuşmazlyk bar.

Döwlet departamentiniň ýokary derejeli bir resmisi 10-njy maýda žurnalistlere şeýle diýdi: “Orsýet baradaky syýasatymyz hakda aýdanyňda başlanmaly mesele ... Orsýetiň global sahnada agressiw we durnuksyzlaşdyryjy hereketleri eýeländigi”.

Anonim şertde maglumat beren resmi Pompeonyň sapary “rus hökümetine şu meseleleri we öňe gitmek üçin haýsy ýoly tutmalydygy hakda biziň nämelere garaşýandygymyzy aýdyň etmek üçin bir pursat” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Resminiň bellemegine görä, gepleşikleriň güntertibinde ýokary orny eýelejek, aýratyn-da, “döwrebap reallygy şöhlelendirýän ýaraglara kontrollyk ylalaşygy” bolar.

Birleşen Ştatlar fewral aýynda orta aralykly ýadro güýçleri boýunça 1987-nji ýylda baglaşylan “INF” şertnamasyna gatnaşmagy wagtlaýyn togtatdy. Ol muny hem Orsýetiň geleşigiň şertlerine gabat gelmeýän raketa ulgamlaryny ösdürip, ulanýandygy bilen delillendirdi.

Muny inkär edýän Moskwa hem soňra özüniň şertnamany wagtlaýyn togtatýandygyny habar berdi.

‘Birtaraplaýyn’ ylalaşyk

“INF” şertnamasy boýunça Birleşen Ştatlara we Orsýete 500-5500 kilometr aralykly ýerden atylýan ganatly ýa ballistik raketalary öndürmek we ulanmak gadagan.

Moskwa bilen Waşington “Täze START” şertnamasyny nädip we nähili uzaltmak boýunça hem özara gepleşiklere taýýarlanýarlar. Bu şertnama Amerika bilen Orsýet arasynda strategik ýadro ýaraglarynyň ulanylmagyny çäklendirýän ýarag kontrollygyna degişli ýeke-täk şertnamadyr.

“Täze START” şertnamasynyň möhleti 2021-nji ýylyň fewralynda tamamlanýar, ýöne taraplar ylalaşan halatynda ony ýene bäş ýyl möhlet bilen uzaltmaga mümkinçilik ýok däl.

Tramp özünden öňki prezident Barak Obama tarapyndan 2010-njy ýylda baglaşylan “Täze START” şertnamasyny “ýaramaz ylalaşyk” we “birtaraplaýyn” diýip atlandyrdy.

Öten hepde telefon arkaly Putin bilen gürleşen Tramp özleriniň ýadro ýaraglaryny çäklendirmek boýunça Hytaýyň-da goşulmagy mümkin täze gepleşik hakda gürleşendiklerini aýtdy.

Ýöne 13-nji maýda Soçide Lawrow bilen duşuşan Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi öz ýurdunyň ýadro ýaraglaryna kontrollyk boýunça Birleşen Ştatlar we Orsýet bilen gepleşiklere meýilli däldigini bildirdi.

Wang duşuşykdan soňra žurnalistlere Hytaý bular ýaly şertnamalaryň bir bölegi bolmaga “gyzyklananok” diýdi.

Ol Hytaý öz ýadro ýaraglarynyň arsenalyny “goranyş syýasatyny kepillendirmek üçin minimal derejede saklaýar” diýdi.

‘Haýbat deregine gepleşik’

Pompeo aslynda 13-nji maýda Moskwa barmalydy. Ýöne ol Ýewropa Bileleşiginiň we NATO-nyň resmileri bilen Brýusselde Eýran hakda pikir alyşmak üçin, bu sapary yza süýşürdi.

Birleşen Ştatlaryň Eýran boýunça ýörite wekili Brian Hookyň aýtmagyna görä, Pompeo bu ýerde Tähran tarapdan “gitdigiçe artýan” howplar hakdaky maglumatlary paýlaşypdyr.

“Sekretar biziň açyk aýdýan zatlarymyzyň aňyrsynda ýatan käbir jikme-jikleri paýlaşmak isledi” diýip, Hook aýtdy. “Biz Eýran haýbatlaryň deregine gürleşmäge synanyşmaly diýen pikirde. Olar haýbatlara üns bermek bilen ýalňyş ýoly tutdular”.

Hook Brýusseldekä Pompeonyň Birleşen Arap Emirlikleriniň kenar ýakasynda nebit tankerlerine edilen hüjümler hakda hem gürleşendigini aýtdy.

Ýöne Hook bu hüjümlerde Eýranyň eliniň bar bolmagynyň mümkindigine ynanyp-ynanmaýandygy hakda beýanat bermekden saklandy.

12-nji maýda Birleşen Arap Emirlikleri Fujaýrah emirliginiň golaýynda dört sany söwda gämisiniň sabotaž hüjümine uçrandygyny bildirdi.

13-nji maýda hem Saud Arabystany hüjüme uçran nebit tankerleriniň ikisiniň öz tankerleridigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG