Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň daşary işler ministri Türkmenistana sapar edip, Berdimuhamedow bilen duşuşdy


Eýranyň daşary işler ministri Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşyklarda eýran wekiliýetine ýolbaşçylyk edýär
Eýranyň daşary işler ministri Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşyklarda eýran wekiliýetine ýolbaşçylyk edýär

13-nji maýda Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

TDH-nyň maglumatlaryna görä, duşuşykda beýleki ugurlar bilen bir hatarda transport we aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşylypdyr.

Döwlet metbugaty iki ýurduň gatnaşmagynda amala aşyrylýan ulag-üstaşyr ulgamlar boýunça Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoluny hem-de Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara geçelgesiniň taslamalaryny mysal görkezýär.

Türkmenistanyň metbugaty Gazagystan – Türkmenistan – Eýran halkara demir ýolunyň ýylda 10 – 12 million tonna çenli ýük geçirmäge ukyplydygyny ýazýar.

Beýleki tarapdan, oňa gatnaşyjy ýurtlaryň hatarynda Gazagystanyň käbir deputatlary bu halkara demir ýolunyň işiniň netijeliligini sorag astyna alýar.

19-njy dekabrda gazagystanly deputat Aýkyn Konurow gazak parlamentinde eden çykyşynda 2018-nji ýylyň soňky 10 aýynda bu halkara demir ýoly arkaly 1 million tonnadan sähel gowrak ýüküň daşalandygyny aýtdy.

TDH Zarifiň türkmen prezidenti bilen Aşgabatda geçiren duşuşygynda ýangyç energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň hem-de onuň geljekdäki mümkinçilikleriniň hem maslahat edilendigini habar berýär.

Ýatlasak, Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda gaz söwdasy bilen baglylykda dawa döräp, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Türkmenistan Eýrana gaz ibermegi bes edipdi.

2018-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Eýranyň Milli gaz kompaniýasy gaz söwdasyndaky meseleler bilen baglylykda birek-biregi Halkara arbitraž suduna beripdi.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty duşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda Hazarda hyzmatdaşlygyň hem ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdýar.

TDH-nyň maglumatyna görä, ýokary derejeli myhman bilen türkmen paýtagtynda geçiren duşuşygynda prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelere esaslanýan daşary syýasatyna ünsi çekipdir.

Eýranyň “Mehr” habar agentliginiň maglumatyna görä, 13-nji maýda Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde türkmen kärdeşi Reşit Meredow bilen hem duşuşdy.

Türkmenistanyň daşary işler ministrligi bu duşuşygyň dowamynda Owganystandaky ýagdaýlaryň hem maslahat edilendigini habar berýär.

“Mehr” habar agentligi Zarifiň türkmen paýtagtyna eden saparyna gabatlap, Aşgabatda duşenbe güni Bilelikdäki türkmen-eýran biznes forumynyň geçirilendigini habar berdi. Oňa iki ýurduň energiýa we transport ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdy.

Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistan döwletiniň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklar 1992-nji ýylyň fewral aýynda ýola goýuldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG