Owganystanyň saýlaw resmileri Kabulda ýurduň ýedi aý mundan öň geçirilen parlament saýlawlarynyň gutarnykly netijelerini yglan etdiler.
Garaşsyz saýlaw komissiýasy 14-nji maý güni giçlik Kabul welaýatynda 24 erkegiň we 9 aýalyň owgan parlamentiniň aşaky palatasynda, Wolosi Jirgada orun alandyklaryny aýtdy.
GSK-nyň maglumatyna görä, telekeçi Ajmal Rahmani 11 müňden gowrak ses alyp, ýeňijileriň öňüni çekýär.
Owganystanly saýlawçylar geçen ýylyň 20-nji oktýabrynda parlamentiň aşaky palatasynyň wekillerini saýlamak üçin ses berdiler.Bu ses berişlikler aýlap gijikmeden soň geçirildi.
Saýlawlaryň deslapky netijeleri Kabulda ýanwarda, GSK tarapyndan yglan edildi, ýöne soň bu komissiýanyň agzalary, wezipesini nädogry ulanmak aýyplamalarynyň arasynda, wezipesinden boşadyldy we täzelendi.
Saýlaw resmileri parlament saýlawlarynyň netijeleriniň gijikdirilmegi, şeýle-de saýlaw mahalyndaky guramaçylygyň pesligi, saýlaw materiallarynyň ýetmezçiligi zerarly berk tankyt edildi.
Ýurduň nobatdaky prezident saýlawlaryny 28-nji sentýabrda geçirmek planlaşdyrylýar. Bu saýlaw, oktýabrdaky saýlawlarda goýberilen kemçilikleri düzetmek üçin, iki gezek goýbolsun edildi.
Prezident saýlawlary başda 20-nji aprelde, soň 20-nji iýulda geçirilmeli edilipdi.